Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri Liwana guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 3 müň 102, ýaralananlaryň sany hem 13 müň 819 adama ýetdi.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalanlar hakynda maglumat berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň Liwana guran soňky hüjümlerinde 52 adamyň ýogalandygy, 161 adamyň hem ýaralanandygy ýatladyldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri Liwana guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 3 müň 102, ýaralananlaryň sanynyň hem 13 müň 819 adama ýetendigine üns çekildi.

Ýogalanlaryň arasynda 192 çaganyň, 614 zenanyň we 179 saglygy goraýyş işgäriniň bardygy bellenildi.

Liwanyň Daşky gurşaw ministrligi, Ysraýylyň soňky 24 sagatda ýurda jemi 121 howa hüjümini gurandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri Liwana jemi 12 müň 323 howa hüjümini gurandygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 18 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artýar
Ysraýylyň Eýrana Guran Hüjümi…
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Hizbullah Ysraýylyň Demirgazygyna Hüjüm Gurady