Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Basyp alyjy Ysraýylyň harby goşuny Liwanyň günortasyna hüjüm gurady.

Ysraýyl tarapyndan Liwanyň Sur şäherinde Yslamy saglygy goraýyş merkezine hüjüm guraldy.

Hüjümde 4 saglygy goraýyş işgäri ýogaldy.

BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan Liwanyň Baalbek şäherine 5 howa hüjümi guraldy.

Howa hüjüminde 7 adam ýogaldy, 14 adam ýaralandy.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri Liwana guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 2 müň 867 adama ýetdi.

Ýogalanlaryň 178-i saglygy goraýyş işgäri.

Ysraýyl, Liwanyň paýtagty Beýrudyň günortasyna ýaňadandan hüjüm guramaga başlady.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli liwanlylar ýaşaýan ýerlerini terk edýär.

Ysraýylyň harby goşuny Liwanyň günortasyndaky Nebatiýe şäheriniň boşadylmagy üçin duýduryş berdi.

Liwanyň Premýer-ministri Nejib Mikati Ysraýylyň duýduryşyna berk garşylyk görkezdi.

Mikati, Ysraýylyň harby goşunynyň liwanly asuda ilatdan ýaşaýan ýerlerini terk etmeklerini islemegini “harby jenaýat” hökmünde häsiýetlendirdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 50 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde 3 Müň 481 Adam Ýogaldy
Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 18 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Hizbullah Ysraýylyň Demirgazygyna Hüjüm Gurady