Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Ysraýyl Liwana Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär

Liwanyň resmi NNA habarlar gullugynyň berýän habarynda, Ysraýylyň “Nakura” sebitinde iki ýangyn söndüriş ulagyny nyşana alandygy nygtaldy.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Ysraýylyň guraýan hüjümleri sebäpli çekilen adam pidalary hakynda maglumat berdi.

Mesele hakynda berlen beýannamada, 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabry bilen 2024-nji ýylyň 20-njy awgusty aralygynda Ysraýyl tarapyndan Liwana guralan hüjümlerde 564 adamyň ýogalandygy, 1848 adamyň bolsa ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada ýogalanlaryň 93 göteriminiň Liwanyň raýatydygy bellenildi.

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Liwanda 110 müň 99 adam hem öýüni terk etmeli boldy.

Ysraýylyň harby goşuny bilen Liwandaky Hizbullahyň arasynda 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri çaknyş bolýar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna hüjüm gurady
Ysraýylyň goşuny Liwanyň günortasyna howa hüjümlerini gurady
Ysraýylyň Liwana guran hüjüminde 1 adam ýogaldy
Liwandan Ysraýyla Hüjüm Guraldy
Hizbullahyň Baş Sekretary Ysraýyla Hüjüm Gurajakdygyny Beýan Etdi
Liwandan Ysraýyla Hüjüm Guraldy