Ysraýyl Liwan bilen gazanylan ýaraşyk şertnamasynyň düzgünlerini bozýar

Ysraýyl Liwan bilen gazanylan ýaraşyk şertnamasynyň düzgünlerini bozýar

Liwanyň resmi habarlar agentligi NNA tarapyndan berilen habara görä, ýurduň günortasyndaky Hyýam etrapçasyna 4 gezek toplar bilen hüjüm guraldy.

Hüjümleriň biri Marjaýun bilen Hyýam etrapçasynyň arasyndaky öýleriň birine degdi.

Hyýam etrapçasynda güýçli partlama boldy, Ysraýylyň käbir öýleri we binalary ýok etmek üçin hüjümler gurandygy çak edilýär.

Ysraýyl mundan başgada Hyýam etrapçasynyň töweregine 3 gezek hüjüm gurady, hüjümler bilen Ibl Pynary, Jelahhiýe we Marjaýun etrapçalaryny nyşana aldy.

Liwanyň günortasyndaky Sur sebitindäki Ýarun we Marun etrapçalarynyň töwereginde güýçli partlamalaryň sesi eşidildi.

Ysraýylyň goşuny Nebatiýe şäheriniň Marun ar-Ras etrapçasynyň golaýyndan Bint Jubeýl şäherine tarap hüjümler gurady.

Käbir ýerlerde tüsseler çykdy we käbir öýler buldozerler bilen ýumruldy.

Ysraýyl bilen Liwanyň arasynda 27-nji noýabrda gazanylan ylalaşygyň düzgüni, ylalaşygyň ilkinji 3 gününde 38 aýry gezek bozuldy.

Ysraýylyň goşuny düýn hem 24 aýry gezek ylalaşygyň düzgünini bozdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy
Ysraýyl Günorta Liwanda 22 adamy Öldürdi
ABŞ: Liwan-Ysraýyl Ylalaşygy 18-nji Fewrala Çenli Uzaldyldy
Ysraýylyň Liwana Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artdy
Ysraýyl ýaraşygy bozup, Liwanda azyndan dokuz adamy öldürdi