Ysraýyl-Iordaniýa serhedindäki gümrük geçelgesinde ýaragly hüjüm guraldy

Ysraýyl-Iordaniýa serhedindäki gümrük geçelgesinde ýaragly hüjüm guraldy

Ysraýylyň goşunyndan berilen ýazmaça beýanatda, Şa Hüseýin gümrük geçelgesinde ýaragly hüjümiň guralandygy habar berildi.

Beýanatda gümrük geçelgesinden ýük ulagyndan düşen bir adamyň howpsuzlyk güýçlerine ot açandygy mälim edildi.

Hüjümde ýaralanan 3 ysraýylly esgeriň ýogalandygy, hüjümçiniň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Hüjümçiniň düşen ýük ulagynda partlaýjy maddanyň bolmak ähtimallygy sebäpli ulagyň gözden geçirilendigi beýan edildi.

Ysraýylyň resmileri 3 ysraýyllynyň ýogalmagy bilen netijelenen hüjümden soň Ysraýyl bilen Iordaniýanyň arasyndaky ähli gury ýer gümrük geçelgelerini ýapdy.

Palestinanyň döwlet telewideniýesi ozal bolsa Ysraýylyň Şa Hüseýin gümrük geçelgesini ikitaraplaýyn häsýetde ýapandygyny habar beripdi.

Basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň gündogarynda ýerleşýän Eriha şäheri ýolunyň ugrundaky ähli ýollar hem ysraýylly esgerler

Iordaniýanyň Içeri işler ministrligi hüjüm bilen bagly derňew işini başlatdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl Gazada Edýän Gyrgynçylygyny Dowam Etdirýär
Ysraýyl Siriýa Howa Hüjümini Gurady
“Pakistan Bilen Eýranyň Arasyndaky Dartgynlygyň Möwjemegini Islemeýäris”
Iordaniýada harby uçaryň ýere gaçmagy netijesinde iki adam ýogaldy
Arap Ýurtlary Moskwada Guralan Hüjümi Ýazgardy