Ysraýyl howa giňişligini ýapdy

Ysraýyl howa giňişligini ýapdy

Ysraýylyň metbugatynda berilen habarlarda, ýurduň paýtagty Tel-Awiw şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Hadera şäherinden başlap ýurduň demirgazygyndaky howa giňişliginiň uçar saparlaryna ýapylandygy mälim edildi.

Uçuş gadagançylygynyň 24 sagadyň dowamynda boljakdygy, sebitdäki gara ýollary bilen baglanşykly bolsa hiç hili çäklendirme girizilmändigi aýan edildi.

Ysraýylyň goşuny düýn Liwanyň paýtagty Beýrut şäherinde guran howa hüjüminde Hizbullahyň serkerdeleriniň biri bolan Fuad Şüküri öldürendigini habar beripdi.

Şu gün irden bolsa Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Haniýa Eýranyň paýtagty Tähranda guralan hüjümde ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Ysraýylyň daşary işler ministrine reaksiýa bildirdi
Netanýahu: "Ysraýyla kyn günler garaşýar" diýdi
Türkiýäniň Diplomatik Wekilhanalarynda Baýdaklar Ýarysyna Çenli Aşakladyldy
ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçar Gämisini Ugratdy
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
ABŞ Ýakyn Gündogara Harby Uçarlaryny Ornaşdyrdy