Ysraýyl goşuny Gazadaky hüjümleriniň gerimini giňeltdi

Ysraýyl goşuny Gazadaky hüjümleriniň gerimini giňeltdi

Ysraýyl goşunyndan berilen beýanatda, Gazanyň demirgazygyndaky Beýt Lahiýada ýerleşýän Kfir Brigadasynyň Beýt Hanunyň günbataryna geçirilendigini habar berildi.

Beýanatda, hüjümleri Beýt Hanunyň günbataryna giňeltmek kararynyň "sebitde terror düzüminiň bardygy baradaky razwedka maglumatlaryndan soň" kabul edilendigi öňe sürüldi.

Ysraýylyň harby uçarlary we artilleriýa birikmeleri, Kfir Brigadasy Beýt Hanunyň günbataryna girmezden öň howa hüjümleri we artilleriýa hüjümleri bilen sebiti nyşana aldy.

Ysraýyl goşuny, 5-nji oktýabrdan bäri Gaza Zolagynyň demirgazygyny emele getirýän Jibaliýa, Beýt Lahiýa we Beýt Hanun şäherçelerine berk gabawy astynda saklaýar.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Zolagyna garşy guraýan hüjümlerinde takmynan 17 müň 492-si çaga, 11 müň 979-y zenan bolmak bilen 45 müň 129 palestinaly ýogaldy, 107 müň 338 palestinaly ýaralandy.

Harabalyklaryň aşagynda häzirki wagtda hem ýogalan müňlerçe adamyň bardygy we halkyň gizlenýän hassahanalaryň we bilim ojaklarynyň nyşana alnyp, raýat infrastruktura hem weýran edilýär.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazanyň demirgazygyny bombalady, 8 palestinaly ýogaldy
Hakan Fidan Müsüre Gider
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Gazada 196 Žurnalist Öldürildi