Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy

Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy

Ysraýyl, Liwanyň Siriýa serhedinde Eýran tarapyndan gurlan göçme hassahanany nyşana aldy.

Eýran tarapyndan berlen beýannamada, 56 hassalyk hassahananyň düýn gije Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümde dolulygyna ýanandygy nygtaldy.

Hassahana bilen birlikde derman ammarynyň hem ýanandygy nygtaldy.

Göçme hassahana 6-njy oktýabrda Ysraýylyň guran hüjümlerinde ýaralananlaryň bejergilmegi maksady bilen Eýran tarapyndan gurlupdy.

Beýleki tarapdan Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bekaýi, hüjümi berk ýazgarýandyklaryny nygtady.

Bekaýi, Tel-Awiwiň ozal hem Gazada we Liwanda birnäçe gezek hassahanalary nyşana alandygyna ünsi çekip, halkara jemgyýetçiligine Ysraýylyň harby jenaýatlarynyň bes edilmegi üçin herekete geçmek boýunça çagyryş berdi.

Ýene degişli makalalar

20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Täsin Meteora
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Arkadag şäherinde ulanyljak döwrebap ulaglar sowgat berildi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary: 2-nji möwsümiň ýeňijileri mälim boldy
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum