Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda ýene-de 2 esgeriniň öldürilendigini habar berdi

Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda ýene-de 2 esgeriniň öldürilendigini habar berdi

Ysraýylyň goşuny resmi saýtynda mesele bilen bagly beýannama berdi.

Beýannama görä general-maýor Tal Şua we esger Şai Aýeli Gazanyň demiragzygynda bolan çaknyşyklarda öldürildi.

Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjüm başladan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri öldürilen ysraýylly esgerleriň sany, 139-y Gazadaky çaknyşyklarda bolmak bilen jemi 471-e ýetdi.

Palestinanyň garşylyk heremeti Hamasyň harby şahasy Izeddin al-Kassam toparynyň metbugat sekretary Abu Ebeýde çap edilen wideo ýazgysynda Ysraýyla garşylyk görkezmäge we oňa uly ýitgiler çekdirmäge dowam etdirjekdiklerini habar berdi.

Abu Ubeýde Gaza garşy hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri 720 harby ulag dolulygyna ýa-da bölekleýin ýagdaýda hatardan çykarandyklaryny beýan etdi.

Kassam tarapyndan ýogalan 3 ýesir bilen bagly wideo çap edildi.

Wideoda: "Olaryň janlaryny goramak ugrundaky tutanýerliligimize garamazdan, Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu olary öldürmek üçin erjellik edýär" diýip bellendi.

Elia Tolidano, Nik Beezer we Ron Şerman atly ýesirleriň materiallaryny paýlaşan wideonyň ahyrynda: "Olaryň üsüsem siziň goşunyňyz tarapyndan öldürildi" diýip bellendi, emma nirede we nähili ýagdaýda öldürilendikleri barada maglumat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Şolbir Wagtda Iki Frontda Söweşýär
Netanýahu, Siriýada Baas Ulgamyny Agdaran Toparlara Hemle Atdy
Gazadaky çaknyşyklarda soňky 24 sagatda ýene-de 18 ysraýylly esger ýaralandy
Halkara Jenaýat Kazyýeti Netanýahuny we Galanty tussag etmek barada karar kabul etdi
Tramp Netanýahuny gutlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny