Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär

Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy guran soňky hüjümlerinde azyndan 11 palestinaly ýogaldy.

Ysraýylyň harby uçarlary düýn gije Gaza guraýan hüjümlerini dowam etdirdi.

Ysraýylyň harby uçarlary Gazanyň merkezinde ýerleşýän Az-Zewaýide etrapçasynyň günortasynda öýlerini terk etmeli bolan palestinalylaryň ýaşaýan çadyrlaryny bombalady.

Hüjümlerde azyndan 10 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Gaza şäheriniň Şyh Rydwan etrapçasynda bir öýe guralan hüjümde bolsa 1 adam ýogaldy.

Günortada ýerleşýän Han Ýunus şäheriniň Hamed etrapçasynyň golaýynda hem öýerlerini terk etmeli bolan palestinalylaryň ýaşaýan çadyrlaryna od açyldy.

Ýewropa keselhanasynyn golaýynda ýerleşýän bir öýe guralan hüjümde ýaralananlaryň bardygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl, Beýrudyň Günortasyny Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 344 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 176 Günden Bäri Gazany Bombalaýar