Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär

Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy düýn guran howa hüjümlerinde 24-i Han Ýunus şäherinde bolmak bilen 35 palestinalynyň ýogalandygy, köp sanly adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ysraýylyň harby goşuny, Gazanyň demirgazygyna, merkezine we günortasyna birnäçe howa hüjümini gurady.

Şäheriň günorta gündogarynda ýerleşýän Az-Zeýtun etrapçasyndaky Bedr metjidiniň golaýyna guralan hüjümde 6, Abu Hasira köçesinde ýerleşýän bir öýe guralan hüjümde bolsa 2 palestinaly ýogaldy.

Gaza Sektorynyň merkezinde ýerleşýän Bureýj bosgun düşelgesine guralan hüjümde 2 adam ýogaldy, 4-i çaga 7 palestinaly ýaralandy.

Gazanyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunus şäherinde bolsa 24 palestinaly Ysraýylyň harby goşunynyň howa hüjüminde ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl, Beýrudyň Günortasyny Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 344 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 181 Günden Bäri Gazany Bombalaýar