Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär

Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär

Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 49 adam artyp 38 müň 713 adama ýetdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 284 günden bäri guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada guran hüjümlerinde ýene-de 49 palestinalynyň ýogalandygy, 69 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada Ysraýylyň harby goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 38 müň 713, ýaralananlaryň sanynyň hem 89 müň 166 adama ýetendigi ýatladyldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektorynda guraýan bombaly hüjümleriniň uly ýykylşyga sebäp bolandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl 344 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 312 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 300 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär