Ysraýyl Gazadaky palestinaly zenanlary tussag etdi

Ysraýyl Gazadaky palestinaly zenanlary tussag etdi

Ysraýylyň Gaza sektorynda tussag eden palestinaly 142 zenany tussaghana atandygy habar berildi.

Palestinanyň Ýesirler jemgyýeti bilen Palestinanyň Azatlyk guramasyna degişli Palestinanyň Ýesir işleri wekiliýeti mesele bilen bagly ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda Ysraýylyň harby güýçleriniň Gaza tussag eden, aralarynda bäbekli zenanlar, garry adamlar we çagalar bilen palestinaly 142 zenan ýesiri tussag edendigi mälim edildi.

Palestinaly zenanlaryň Ed-Damun we Hod Haşaron bilen birlikde tapawutly tussaghanalarda saklaýandygy aýan edildi.

Ysraýyl tarapyndan mesele bilen bagly beýanat berilmedi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Bilen Russiýa Ýesirlerini Çalyşmaga Dowam Edýär
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary, Gaza Guralýan Hüjümleriň Bes Edilmegini Isleýär
​​​​​​​Ysraýylyň Hamas bilen ýesirleriň azat edilmegi üçin gepleşiklere taýarlanýandygy öňe sürüldi
Abdullahiýan Ysraýylyň Hücümlerine Gaýtadan Başlamagyna Reaksiýa Bildirdi
Araçy Katar Ysraýyl Hamas ýaraşygynyň 1-nji dekabra çenli uzaldylandygyny tassyklady
Ysraýylyň tussaghanalarynda henizem 60 palestinaly zenan bar