Ysraýyl Gazada soňky 24 sagatda ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi

Ysraýyl Gazada soňky 24 sagatda ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 377 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 2 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 29 palestinalynyň ýogalandygy, 93 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 42 müň 438 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 99 müň 246 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ysraýyl Gazada palestinalylary nyşana almaga dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyndaky gyrgynçylygy dowam edýär
Ysraýyl Gazada soňky 24 sagatda 4 aýry gyrgynçylyk etdi
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär