Ysraýyl Gazada palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär

Ysraýyl Gazada palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 457 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 5 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 88 palestinalynyň ýogalandygy, 208 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 45 müň 805 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 109 müň 64 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde palestinalylara garşy göz tussaglyklary, reýdleri we hüjümleri artýar.

Ysraýylly esgerler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şerianyň tapawutly şäherlerinde geçiren reýdlerinde aralarynda çagalar hem bolan 20 palestinaly göz tussaglygyna alyndy.

Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri ysraýylly esgerler bilen palestinalylaryň topraklaryny ellerinden alan ysrayllylar tarapyndan guralan hüjümlerde 167-si çaga jemi 836 palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n
Palestinaly 110 Ýesir Boşadyldy
BMG Ysrayýlyň Gazadaky genosidiniň Günbatar Şeriada gaýtalanyp biljekdigini duýdurdy
Ysraýyl Palestinaly 90 Tussaglyny Boşatdy
Erdogan Gün-tertibindäki Möhüm Wakalar Hakynda Beýannama Berdi
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Ýöriş Geçirdi