Ysraýyl Gazada gyrgynçylyk etmäge dowam edýär

Ysraýyl Gazada gyrgynçylyk etmäge dowam edýär

Gazadaky Raýat goranyş toparynyň metbugat geňeşçisi Mahmud Basal beren ýazmaça beýanatynda, Ysraýylyň Gazanyň günortasyndaky Han Ýunus şäheriniň biri-birinden tapawutly ýerlerine guran hüjümlerinde 20 palestinalynyň ýogalandygyny habar berdi.

Gazanyň demirgazygynda tapawutly ýerleriň we öýleriň nyşana alynyp guralan hüjümlerde bolsa 5 palestinalynyň ýogalandygyny aýdan Basal, mundan başgada Ysraýylyň 91 gün bäri Gazanyň demirgazygyna azyk we gündelik ýaşaýyş üçin zerur bolan zatlaryň salynmagyna päsgel berýändigini mälim etdi.

Raýat goranyş toparyndan berilen başga bir beýanatda bolsa Gazanyň demirgazygyndaky Beýt Lahýa şäherinde Ysraýylyň guran howa hüjümleriniň netijesinde ammarlarda we golaýdaky dükanlarda bolan uly göwrümli ýangynyň gözegçilik astyna alynandygy aýan edildi.

Ýangynda diňe maddy taýdan zyýanyň çekilendigi bellenen beýanatda, toparlaryň ammarlardaky ýangyny söndürýärkä sebite guralan 2-nji hüjümden hem halas bolandyklary beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Taýwanda söwda merkezinde partlama boldy
ABŞ-da Tokaý Ýangynlary Sebäpli 1 Adam Ýogaldy
Ispaniýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy
Ýangynlary söndürmek üçin ykjam diň
Ukraina, Russiýa Garşy ABŞ-da Öndürlen Raketalary Ulandy
GAZ ENJAMLARYNDA ÝANGYN HOWPSUZLYK ÇÄRELERI
Filippinlerde bolan ýangynda takmynan 2 müň maşgala öýsüz galdy