
Ysraýylyň goşuny Han Ýunus şäherindäki Nasyr hassahanasynyň golaýynda ýerleşen metbugat işgärleriniň galýan çadyrynyň öňündäki ulaga hüjüm gurady.
Hüjümde TRT Arap bölüminiň kameraçysy Muhammed az-Zeanin gözünden ýaralandy, hüjümde şeýle hem kömekçisi Muhammed Karajanyň we başgada ençeme metbugat işgäriniň ýaralanandygy habar berildi.
Türkiyäniň Daşary işler ministrligi X sosial media hasabyndan hüjüm bilen bagly beýannama berdi.
Beýannamada: "Gaza zolagynda TRT-niň işgärlerine garşy guralan hüjümler, eli ganly Ysraýylyň hakykatlaryň üstüni ýapmak üçin edýän tagallalarydyr. Ysraýylyň zulumyny bütin dünýä ýetirmek üçin arman-ýadaman işleýän ähli metbugat işgärleriniň ýanyndadyrys. Soňky hüjümlerde ýaralanan TRT-niň işgärlerine we TRT maşgalasyna gynanç bildirýäris" diýip habar berildi.