Ysraýyl Gazada Edýän Gyrgynçylygyny Dowam Etdirýär

Ysraýyl Gazada Edýän Gyrgynçylygyny Dowam Etdirýär

Ysraýylyň harby uçarlary, Han Ýunusyň günbatarynda ýerleşýän Mewasi etrapçasynda öýlerini terk edenleriň ýaşaýan çadyrlaryna raketa hüjümini gurady.

Ysraýyl tarapyndan guralan 3 raketa hüjüminde azyndan 40 adam ýogaldy, 60 palestinaly hem ýaralandy.

Hüjümde azyndan 20 çadyryň ýanandygy, birnäçe adam hem harabalygyň aşagynda galandygy nygtaldy.

Ysraýylyň harby goşuny bolsa Mewasi etrapçasynda Hamasa degişli merkezi nyşana alandygyny öňe sürdi.

Hamas bolsa, Ysraýylyň Han Ýunusa guran hüjüminde esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybarat onlarça adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Ysraýyl, Gaza Sektorynyň demirgazygynda ýerleşýän Jibaliýe bosgun düşelgesini hem nyşana aldy.

Hüjümde çagalar bilen birlikde 6 palestinaly ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Abdulhamit Süleýman Çolpan
Ysraýyl Gazada asuda ilatyň sygynan mekdebe hüjüm gurady
MAFA - 2024, U-17: Türkmen ýygyndysynyň düzümi belli boldy
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 16 Palestinaly Ýogaldy
Ysraýyl Gazada guran hüjüminde TRT-niň işgäri ýaralandy