Ysraýyl Gazada asuda ilatyň sygynan mekdebe hüjüm gurady

Ysraýyl Gazada asuda ilatyň sygynan mekdebe hüjüm gurady

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä, Ysraýylyň goşuny Gaza zolagynyň merkezinde ýerleşýän Nusaýrat bosgun düşelgesinde esasan hem demirgazykdan gelen asuda ilatyň sygynan Izz bin Abdüsselam mekdebine toplar bilen hüjümler gurady.

Hüjümde aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan köp sanda adamyň ýoglandygy we ýaralandygy mälim edildi.

Ysraýylyň artilleriýasy Gaza zolagynyň merkezindäki Bureýj bosgun düşelgesiniň demirgazygyna hem hüjümler gurady.

Ysraýylyň goşunyna degişli dikuçarlar hem Gaza zolagynyň merkezindäki Deýr al-Belah şäheriniň gündogarynda Salahaddin köçesinde ýerleşýän Al-Awde fabriginiň töweregine hüjümler gurady.

Hassahanalardaky habar çeşmeleri, Gaza zolagynyň günortasyndaky Han Ýunus şäherinde ýerleşýän Ýewropa hassahanasyna Ysraýylyň Rafah şäherine guran hüjümlerinden soň harabalyklaryň aşagynda galan 3 adamyň jesediniň getirilendigini habar berdiler.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Ysraýylly 3 Ýesir Boşadyldy
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär
Ýemendäki Husiler Ysraýyla Hüjüm Gurady
Gaza zolagynda ot açmazlyk baradaky ylalaşyk güýje girdi
Prezident Erdogan Hamasyň Şura Mejlisiniň Başlygyny Kabul Etdi
Ýagşylyk Gämisi Müsüre Bardy