Ysraýyl Gazada 966 Metjide Uly Zeper Ýetirdi

Ysraýyl Gazada 966 Metjide Uly Zeper Ýetirdi

Ysraýylyň harby goşunynyň 2024-nji ýylda Gaza Sektoryna guran hüjümlerinde 966 metjide uly zeper ýetirdi.

Palestinanyň Gaznalar we din işleri ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň 2024-nji ýylda Gazada 815 metjidi dolulygyna ýykandygy, 151 metjide hem zeper ýetirendigi nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gazada 19 gonamçylygy dolulygyna ýykandygy, 3 buthanany hem ýer bilen ýegsan edendigi ýatladyldy.

Beýannamada 2024-nji ýylda basyp alyşlyk astyndaky Gündogar İýerusalimde ýerleşýän Aksa metjidine guralan operasiýalar hakynda hem maglumat berildi.

Beýannamada, Palestinanyň topraklaryny basyp alan ysraýyllylaryň 2024-nji ýylda Aksa metjidine 256 operasiýa gurandygy, şol operasiýalara 2 müň 567 ysraýyllynyň gatnaşandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Gazalylar Öýlerine Dolanýar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Aşgabatda geçirilen türkmen-wenger gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi, Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda täze tapyndylar ýüze çykaryldy we beýleki habarlar
Germaniýanyň Polis Gullugy Metjitde Bolan Ýangyn Sebäpli Derňew Işini Başlatdy