Ysraýyl: "Gaza zolagynda ýene-de 18 esger ýaralandy" diýdi

Ysraýyl: "Gaza zolagynda ýene-de 18 esger ýaralandy" diýdi

Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanata görä, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri 1250-si Gazadaky çaknyşyklarda bolmak bilen jemi 2 müň 710 ysraýylly esger ýaralandy.

Soňky 24 sagatda Gaza zolagynda ýene-de 18 ysraýylly esger ýaralandy.

Ysraýylyň goşuny 40-synyň saglyk ýagdaýy agyr jemi 406 ýaraly esgeriň hassahanalardaky bejergileriniň dowam edýändigini habar berdi.

Goşuny internet saýtynda mundan başgada Gazadaky çaknyşyklarda öldürilen esgerleriň sanynyň 221-den 219-a çenli aşakladylandygy, sebäbiniň bolsa düşündirilmändigi beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Liwandaky partlamalar barada beýannama berdi
Ysraýylyň Gazada guran hüjüminde ýogalan palestinalylaryň sany 41 müň 20 adama ýetdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ysraýylyň soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde jemi 34 palestinaly ýogaldy
Müsüriň Prezidenti Sisi, Ýewropa Ýurtlarynyň Ysraýyla Basyş Etmegini Isledi
Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 41 müň 118-e ýetdi
Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär