Ysraýyl Gaza zolagynda palestinalylara hüjüm guramaga dowam edýär

Ysraýyl Gaza zolagynda palestinalylara hüjüm guramaga dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 347 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 3 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 26 palestinalynyň ýogalandygy, 84 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 41 müň 252 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 95 müň 497 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyly Gazada ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi
Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär
Ysraýylyň Gazada guran hüjüminde ýogalan palestinalylaryň sany 41 müň 20 adama ýetdi
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gazada dowam etdirýän hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 41 müň 118-e ýetdi
Ysraýyl Gazada palestinalylary nyşana almaga dowam edýär