Ysraýyl Gaza we Liwana Hüjüm Guraýar

Ysraýylyň Gaza sektoryna garşy guraýan hüjümleri dowam edýär. Ysraýyl şol bir wagtda Liwana garşy hem hüjüm başlatdy.

Ysraýylyň goşuny tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň goranyş güýçleriniň, Palestina garşylyk hereketi Hamasyň Liwanda iş alyp barmagyna rugsat berilmejekdigi nygtaldy.

Beýannamada, Liwanyň öz territoriasyndan guralýan hüjümlerden jogapkärdigi nygtaldy.

Liwanyn köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Ysraýylyň harby goşunynyň Liwanyň günortasynda ýerleşýän Palestina bosgun düşelgesiniň golaýyndaky meýdançany bombalandygyny habar berdi.

Sur şäherinde ýerleşýän er-Reşadiýe etrabyna azyndan 3 raketa atylandygy, ilkinji kesgitlemelere görä hüjümde käbir öýlere zeper ýetirlendigi emma adam pidasynyň çekilmändigi ýatladyldy.

Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza sektoryna garşy guraýan hüjümleri hem dowam edýär.

Ysraýylyň harby uçarlary, Gazada Palestinaly goranyş hereketine degişli käbir harby merkezleri nyşana aldy.

Hüjümde adam pidasynyň çekilip çekilmändigi hakynda hiç hili maglumat berilmedi, emma käbir ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirlendigi nygtaldy.

Ysraýylyň hüjümlerine Gazadan gaýtawul görkezildi. Palestinaly goranyş toparlary tarapyndan berlen beýannamada, “Ysraýylyň hüjümlerine degişli gaýtawuly görkezmäge dowam edýäris” diýildi.

BMG bolsa hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berdi.

BMG-nyň Liwandaky parahatçylyk güýji ähli taraplara, Mawy liniýada hüjüm guramakdan gaça durmaklary üçin çagyryş berdi.

Hüjümlerden soň ýüzlerçe palestinaly ertir namazyny okamak üçin Gündogar Iýerusalimdäli Aksa metjidiniň howlusyna geldi.

Namazda Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine garşylyk görkezildi. Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri namaza gelen palestinalylara garşylyk görkezdi.

Sebitde soňky günlerde Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň Aksa metjidine guran operasiýasy dartgynlygyň möwjemegine sebäp boldy. Liwandan Ysraýyla 34 raketa bilen hüjüm guralmagy dartgynlygy has-da çuňlaşdyrdy.

Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu hüjüme degişli gaýtawulygyň görkeziljekdigini aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Müsüre Gider
Gazada 196 Žurnalist Öldürildi
Ysraýyl Hamasyň lideri Haniýäni öldürendigini boýun aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Müsüre Gitdi
Türkiýe Liwandaky we Siriýadaky Goldawyny Dowam Etdirjekdigini Kepillendirdi
Ysraýyl ylalaşygy bozup, Günorta Liwanda öýleri bombalady