Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza Sektoryna guraýan hüjümleri dowam edýär.
Ysraýylyň harby güýçleri tarapyndan öldürlen palestinalylaryň sany 11 müň 500 adama ýetdi.
Ysraýyl, hassahanalary we ilatly ýerleri bombalamaga dowam edýär.
Hamas bilen Ysraýylyň harby güýçleriniň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.
Ysraýylyň harby goşuny, gabaw astyndaky Gaza Sektoryny düýn gije bombalamaga dowam etdi.
Palestinanyň habarlar gullugy “WAFA”-nyň berýän habaryna görä, Gaza Sektorynyň demirgazygynda ýerleşýän Jibaliýe bosgun düşelgesine Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümde azyndan 11 palestinaly ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.
Ysraýylyň harby uçarlary, Gazanyň Şyh Rydaw, Tuffah we Şuçaiýýe etrapçalarynda çem gelen ýere ot açdy.
Ysraýylyň Bureýj bosgun düşelgesine guran hüjüminde köp sanly adam ýogaldy we ýaralandy.
Palestinanyň habarlar gullugy “WAFA”-nyň berýän habaryna görä, Ysraýylyň harby güýçleriniň Jenin bosgun düşelgesine ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen guran hüjüminde 3 palestinaly ýogaldy, 2-i agyr 9 adam ýaralandy.
Şaýatlaryň aýtmagyna görä, Ysraýylyň harby goşuny onlarça harby ulag, buldozer, dikuçar we ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen Jenin şäherine we düşelgesine düýn ýary gijeden bäri hüjüm guraýar.
Birnäçe şähere hüjüm guraýan Ysraýylyň harby goşuny Jenin bosgun düşelgesini hem gabaw astyna aldy.
Onlarça ulag bilen Jenin şäherine giren Ysraýyl, Ibni Sina hassahanasyny hem gabaw astyna aldy.