Ysraýylyň harby uçarlary düýn gije Gazany bombalamaga dowam etdi.
Palestinanyň WAFA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Gazanyň merkezinde Zewaýde etrapçasyndaky Lukmançylyk merkeziniň golaýynda bir öýe guralan hüjümde zenanlar we çagalar bilen birlikde 18 adam ýogaldy.
Müsür serhediniň golaýynda ýerleşýän Rafah şäherinde guralan hüjümde hem 18 adam ýogaldy.
Gazanyň demirgazygynda 1 öýüň bombalanmagy sebäpli 1-i 6 ýaşyndaky çaga bolmak bilen 3 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy.
Bombaly hüjüm sebäpli ýykylan öýüň harabalygynyň aşagynda köp sanly adamyň bardygy nygtalýar.
Gazanyň merkezinde ýerleşýän Zeýtun etrapçasynda 1 öýüň bombalanmagy sebäpli 7 adam ýogaldy, onlarça adam hem ýaralandy.
Ysraýylyň harby uçarlary mundan başgada şäheriň demirgazygynda Atatra, Beýt Lahýe we Beýt Hanun etrapçalaryny bombalady.
Müsür serhediniň golaýynda ýerleşýän Rafah şäheriniň gündogary, Han Ýunus we al Berij etraplary hem nyşana alyndy.
Rafah şäheriniň günbatarynda 1 öýe we Tel al Hewlada birnäçe öýe guralan bombaly hüjümde 3 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy.
Ysraýylyň harby uçarlarynyň düýn gije Gazadaky hassahanalaryň daş-töweregini bombalamaga dowam edendigi nygtaldy.
WAFA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Gazanyň demirgazygyndaky İndoneziýa hassahanasy, şäheriň günbatarynda Iýerusalim hassahanasy, Günortadaky Gaza Ýewropa hassahanasy we Türkiýe-Palestina Dostluk hassanasynyň golaýyndaky ýaşaýyş jaýlary Ysraýyl tarapyndan nyşana alyndy.
Gazadaki hökümetiň metbugat sekretary Selam Maruf, metbugata beren beýannamasynda, Ysraýylyň hüjümleri sebäpli Gazada çekilen ýitgi barada maglumat berdi.
Ysraýylyň harby goşunynyň Gazada hökümete degişli 85 binany ýer bilen ýegsan edendigini aýdan Maruf “Ysraýyl, Gazada 47 metjidi ýykdy, 3 buthana uly zeper ýetirdi. Hüjümler sebäpli 200 müňden gowrak bina zeper ýetirildi. Şol binalardan 32 müň 500-i dolulygyna ýykyldy. 203 mekdebe uly zeper ýetirildi, 45 mekdep bolsa hatardan çykdy” diýdi.
Gaza 18 müň tonna bomba atyldy, bu Hiroşima atylan bombalardan 1,5 esse köp. Ysraýylyň harby goşuny 908 müň maşgala gyrgynçylyk etdi we müňlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Hüjümlerde 35 žurnalist bilen 124 saglygy goraýyş işgäri ýogaldy.