Ysraýyl Filadelfiýa Geçelgesindäki Harby Pozisiýasynyň Dowam Etmegini Isleýär

Ysraýyl Filadelfiýa Geçelgesindäki Harby Pozisiýasynyň Dowam Etmegini Isleýär

“Jerusalem Post” gazetiniň habar bermegine görä Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň arasynda geçirilen duşuşykdan soň Ysraýylyň hökümetiň metbugat Sekretary Dewid Merser metbugata beýannama berdi.

Dewid Merser Netanýahunyň “Ysraýylyň goşunynyň Filadelfiýa geçelgesinde fiziki taýdan ornaşmagy” bilen bagly kadasynyň arkasynda ygrarly durýandygyny beýan etdi.

Merser şeýle hem Gazada hüjümleriň bes edilmegi we iki taraply ýesir çalşygy boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini nygtap; “Raýatlarymyzy öýlerine gaýtaryp getirmek üçin ABŞ tarapyndan maý aýynda hödürlenen şertlere laýyk çarçuwaly ylalaşyk üçin işleýäris” diýdi.

Netanýahu 27-nji maýda ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden tarapyndan beýan edilen ylalaşyk taslamasynyň Ysraýylyň taýýarlan teklibinden tapawutlydygyny öňe sürüp, täze şertleriň goşulmagyny talap edipdi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Gazany ikä bölýän Netzarim Koridory we Gaza Sektory bilen Müsür serhedindäki Filadelfiýa geçelgesiniň ýany bilen Rafah gümrük geçelgesindäki ysraýyl basyp alyşynyň dowam etmegini isläpdi.

Ýene degişli makalalar

Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi
Tramp bilen Netanýahu 4-nji fewralda Ak Tamda duşuşar
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Ysraýylyň Bat-Ýam Şäherinde 3 Awtobusda Yzly Yzyna Partlama Boldy
Hamas Gaza ylalaşygyny dowam etdirmek isleýär
Jenindäki adamlary zamun alma hadysalary dowam edýär
Ysraýyl Şolbir Wagtda Iki Frontda Söweşýär