Ysraýyl düýn gije Gazanyň demirgazygynda 88 palestinalyny öldürdi

Ysraýyl düýn gije Gazanyň demirgazygynda 88 palestinalyny öldürdi

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habara görä, Ysraýylyň harby uçarlary Meşru Beýt Lahiýa sebitindäki Kemal Adwan hassahanasynyň golaýyndaky ýaşaýyş ýerlerini bombalady.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä aglabasy çagalardan ybarat bolan 66 palestinaly ýogaldy, 100 adam hem ýaralandy.

Ysraýylyň goşunynyň Gazanyň demirgazygyna guran 2-nji hüjüminde Şeýh Rydwan etrapçasyndaky öýleriň birini bombalamagy netijesinde 10-sy çaga we 5-si zenan bolmak bilen jemi 22 palestinaly ýogaldy.

Şaýatlaryň habar bermegine görä köp sanda adam hem ýumrulan binanyň aşagynda galdy.

Ysraýylyň raýat goranyş toparlaryny dargatmagy sebäpli gözleg we halas ediş işleri sebitiň halky tarapyndan eller we ýönekeý enjamlar bilen amala aşyrylýar.

Hassahananyň işgärleri hem harabalyklaryň arasynda galan adamlary tapmak üçin gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýarlar.

Hassahanalarda saglygy goraýyş işgärleriniň sanynyň az bolmagy we Ysraýylyň täze saglygy goraýyş işgärleriniň sebite girmegine böwet bolmagy sebäpli, ýaralanan adamlar çäklendirilen görnüşde bejergi alýarlar.

Ýene degişli makalalar

Gazada palestinaly 3 bäbejik doňdy
Ysraýyl BMG-niň Gazadaky hassahanalardan birine ugradan kömek kerweninň geçmegine rugsat bermedi
BSGG Hüsam Abu Safiýýe barada beýannama berdi
Ysraýylyň Gazada Hassahana Guran Hüjümi Berk Ýazgaryldy
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Ysraýylyň harby goşunynyň Günbatar Şeriadaky hüjümleri köpçülikleýin göç edilşige sebäp boldy