
Koronawirusyň “Omikron” wariantyna garşy görülen çarelere laýyklykda daşary ýurtlularyň ýurda gelmegini çäklendiren Ysraýyl, onuň möhletini 29-njy dekabra çenli uzaltdy.
Ysraýylyň hökümeti karar hakynda ýazmaça beýannama çap etdi.
Beýannamada “Omikron” warianty sebäpli daşary ýurtlulara serhetleri ýapma çäresiniň 29-njy dekabra çenli uzaldylandygy, Britaniýanyň we Daniýanyň bolsa syýahat görkezijisinde “gyzyl sanawa” goşulandygy habar berildi.
Dünýäniň gün tertibinde möhüm orun eýeleýän “Omikron” warianty sebäpli 28-njy noýabrda daşary ýurtlularyň ýurda gelmegini gadagan eden Ysraýyl, daşary ýurtlardan gelenler üçin hem goşmaça karantin düzgünlerini girizipdi.
Ysraýylyň hökümeti geçen hepde daşary ýurtlularyň ýurda gelişiniň bes edilmeginiň möhletiniň 22-nji dekabra çenli uzaldylandygy beýan edipdi.
Hristian dünýäsiniň mukaddes ýerleriniň ýerleşýän, Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Gündogar Iýerusalimiň Gadymy şäher zolagy, Günbatar Şeriadaky Beýtulhalim ýaly ýerlere täze ýyl dynç alyşynda syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň hatarynda durýar. Ynanç syýahatçylygy we esasanda täze ýyl baýramçylygy sebitde ýaşaýan palestinalylar üçin hem esasy girdeji çeşmesi bolup durýar.