Ysraýyl Çagalar Seýilgähine Hüjüm Gurady

Ysraýyl Çagalar Seýilgähine Hüjüm Gurady

Ysraýylyň harby uçarlarynyň Gaza Sektorynyň merkezinde ýerleşýän Megazi bosgun düşelgesindäki çagalar seýilgähine guran hüjüminde çagalar we zenanlar bilen birlikde 10 adam ýogaldy.

Şaýatlar, Ysraýylyň harby uçarlarynyň Megazi bosgun düşelgesinde çagalar seýilgähini nyşana alandygyny mälim etdi.

Hüjüme sezewar bolan asuda ilatyň esasy böleginiň çagalardygyny mälim eden şaýatlar, seýilgähde oýun oýnaýan çagalaryň Ysraýylyň harby uçarlary tarapyndan nyşana alynandygyny nygtady.

Hüjümde ýogalan 10 adamyň jesedi Deýr Al Balahdaky Aksa şehitleri hassahanasyna alnyp gidildi.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde 14 müň 500-i çaga, 9 müň 560-y zenan bolmak bilen 33 müň 843 palestinaly öldürildi, 76 müň 575 adam hem ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Gazadaky Hüjümleri Dowam Edýär
Ysraýyl Gaza Guraýan Hüjümleri Dowam Etdirýär
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy