Ysraýyl Bosgun Düşelgelerini Nyşana Aldy

Ysraýyl Bosgun Düşelgelerini Nyşana Aldy

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna guran soňky hüjümlerinde asuda ilatdan azyndan 30 adam ýogaldy.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habarynda, Ysraýylyň Gaza Sektorynyň merkezinde Nuseýrat we Bureýj bosgun düşelgelerini bombalandygy nygtaldy.

Bosgun düşelgelerine guralan hüjümde 25 palestinaly zenanyň we çaganyň ýogalandygy bellenildi.

Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektorynyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunus şäherine guran hüjüminde hem 5 palestinalynyň ýogalandygy ýatladyldy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza sektoryna guran hüjümlerinde azyndan 12 müň 660-y çaga, 8 müň 570-i zenan bolmak bilen 29 müň 954 palestinaly öldürildi, 70 müň 325 adam hem ýaralandy.

Harabalyklaryň aşagynda henizem müňlerçe adamyň bardygy nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär
Ukraina Russiýa degişli ýarag we ok-däri ammaryna hüjüm gurady
Russiýa, Ukrainanyň Paýtagty Kiýewi Nyşana Aldy
NASA başga planetalylar üçin niýetlenen nyşanyň dizaýnyny tanyş etdi
13-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ysraýyl, Ýene Ynsanperwer Kömegini Almak Üçin Nobata Duran Asuda Ilaty Nyşana Aldy