Ysraýyl Beýurda 11 Howa Hüjümini Gurady

Ysraýyl Beýurda 11 Howa Hüjümini Gurady

Ysraýylyň harby goşuny, Liwanyň paýtagty Beýruda 11 howa hüjümini gurady.

Beýrudyň günortasyndan partlama sesleri eşidildi.

Liwanyň resmi NNA habarlar gullugynyň beren habarynda, Ysraýylyň harby uçarlarynyň düýn agşam paýtagt Beýruda 11 howa hüjümini gurandygy nygtaldy.

Ysraýylyň harby goşunynyň metbugat sekretary Awiçaý Adraee, sosial mediadan beren habarnamasynda, Hizbullahyň Ysraýyla garşy guraýan hüjümlerine maliýe kömegini berýändigi sebäpli Karzy Hasen guramasynyň bölümlerini nyşana aljakdyklaryny mälim edipdi.

Hizbullah bilen 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri gözegçilikli ýagdaýda çaknyşyklaryny dowam etdirýän Ysraýylyň harby goşuny, 23-nji sentýabrda Liwanyň günortasynda ýerleşýän şäherler bilen birlikde Bekaa we Baalbek etrapçalaryna ýüzlerçe howa hüjümini gurady.

Liwanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri 104-i çaga we 194-i zenan bolmak bilen 2 müň 464 adam ýogaldy, 11 müň 530 adam hem ýaralandy.

Hizbullahyň lideri Hasan Nasrallah, Ysraýylyň harby goşunynyň 27-nji sentýabrda Beýurda guran howa hüjüminde öldürildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Beýrudy bombalaýar
Ysraýylyň Liwana Guran Soňky Hüjüminde 19 Adam Ýogaldy
Hizbullah, Ysraýylyň Haýfa Şäherine Hüjüm Gurady
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly
Ysraýylyň Harby Goşuny Liwanda Hassahana Hüjüm Gurady
Ysraýyl Liwana hüjüm gurady