
Ysraýylyň harby goşuny, Liwanyň paýtagty Beýrudyň günortasyny bombalamaga dowam edýär.
Suf etrabyna guralan howa hüjüminde ýogalanlaryň sany 25 adama ýetdi.
Beýrudyň günortasynda ýerleşýän Dahiýe etrapçasyna 9 howa hüjümi guraldy.
Liwanyň Saglygy goraýyş ministrligi, 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri Ysraýylyň Liwana guran hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 3 müň 365 adama ýetendigini habar berdi.
Hizbullah hem Ysraýylyň hüjümlerine gaýtawul görkezýär.
Hizbullah, Tel-Awiwde Ysraýylyň Goranmak ministrliginiň ýerleşýän ýeri bolan Kirýa harby bazasyna uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady.
Ysraýylyň harby goşuny, Liwanyň günortasynda Hizbullah bilen bolan çaknyşykda 6 esgeriniň ýogalandygyny mälim etdi.
Ysraýylyň hüjümleri sebäpli liwanlylar ýurdy terk etmäge dowam edýär
BMG, Liwanda 1 milliondan gowrak adamyň öýüni terk edendigini mälim etdi.