Ysraýyl Beýrudy bombalaýar

Ysraýyl Beýrudy bombalaýar

Ysraýylyň goşunynyň metbugat geňeşçisi Awiçaý Adrai sosial media platformasy X hasabyndan beren beýanatynda, hüjümlerde Hizbullaha degişli bir ýarag ammarynyň nyşana alynandygyny öňe sürdi.

Hüjüm Ysraýylyň goşunynyň metbugat geňeşçisi Awiçaý Adrainiň Beýrudyň günortasyndaky Hizbullaha degişli ýerler barada beýanat bermeginden soň guralmaga başlandy.

Ysraýyl 10-njy oktýabrdan bäri Liwanyň paýtagty Beýrut şäherine hüjüm guramandy.

Ysraýylyň Liwana garşy guraýan hüjümlerinde häzirki wagta çenli 2 müň 350 adam ýogaldy.

Hizbullah bilen 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri gözegçilikli çaknyşyklaryny dowam etdirýän Ysraýylyň goşuny, 23-nji sentýabrda Liwanyň günorta bölegindäki şäherler bilen birlikde Bekaa we Baalbek sebitlerine ýüzlerçe gezek howa hüjümini gurady.

Liwanyň saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan bäri 104-i çaga we 194-i zenan bolmak bilen 2350 adam ýogaldy, 10906 adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Agzalary Ysraýylyň Hüjümleriniň Öňüni Almaga Borçly
Hizbullah, Ysraýylyň Haýfa Şäherine Hüjüm Gurady
Ysraýyldan Beýruda Guralan Hüjümde 22 Adam Ýogaldy
Ysraýyl Liwana hüjüm gurady
Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny