Ysraýyl, Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär

Ysraýyl, Asuda Ilaty Nyşana Almaga Dowam Edýär

Ysraýyl, basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada asuda ilaty nyşana almaga dowam edýär.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri Tulkarm şäherine operasiýa gurady. Çaknyşykda 6 palestinaly öldürildi.

Ysraýylly esgerler, El Halil şäherinde hem palestinalylara od açdy, 2 adamy öldürdi.

7-nji oktýabrdan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we Gündogar Iýerusalimde öldürlen palestinalylaryň sany 305 adama ýetdi.

Ysraýylyň harby goşuny, Günbatar Şerianyň demirgazygynda ýerleşýän Nur Şems bosgun düşelgesini nyşana aldy.

Harby ulaglar we buldozerler bilen operasiýa guran Ysraýylly esgerler, bir binany bombalady.

Bosgun düşelgesinde palestinalylara degişli öýleri ýykan Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri, infstruktura zeper ýetirdi.

Ysraýylly esgerler, Beýtullahimiň günortasynda ýerleşýän Beýt Fejjar we Hadr etrapçalarynda biri žurnalist 55 palestinalyny tussag etdi.

7-nji oktýabrdan bäri sebitde tussag edilen palestinalylaryň sany 4 mün 785 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Rus Goşuny Ukrainany Nyşana Almaga Dowam Edýär
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Palestinaly Toparlar Ysraýylyň Harby Goşunyna Degişli 21 Ulagy Nyşana Aldy
Ukraina, Russiýanyň Belgorod Şäherini Nyşana Aldy
Owganystanda Polis Ulagy Nyşana Alyndy
Erdogan Kuweýdiň Emirini Döwlet Nyşany Ordeni Bilen Sylaglady