Ysraýyl, ABŞ-dan Harby Uçar Satyn Alar

Ysraýyl, ABŞ-dan Harby Uçar Satyn Alar

Ysraýylyň 25 sany F-35 harby uçarynyň satyn alynmagy üçin ABŞ bilen şertnama baglaşandygy habar berildi.

Ysraýylyň Içeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, ABŞ bilen 3 milliard dollarlyk şertnama baglaşylandygy we 25 sany F-35 harby uçarynyň satyn alynjakdygy nygtaldy.

Beýannamada, ABŞ-dan alynjak soňky F-35 harby uçarlary bilen birlikde Ysraýylyň howa güýçleriniň inwentaryndaky F-35-leriň sanynyň 75-e ýetjekdigi ýatladyldy.

ABŞ, ozalky prezidentlerden Barak Obama döwründe Ysraýyla 2017-2028-nji ýyllaryň aralygynda 38milliard dollarlyk kömek bermek barada wada beripdi we F-35 uçarlarynyň şol çäkde alynjakdygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Gazalylar Öýlerine Dolanýar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär
Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
ABŞ-nyň Prezidenti Baýdene hormatly koreý ady dakyldy
Barak Obama “görnükli gürrüňçi” hökmünde “Emmi” baýragyny aldy