Ysraýyl 3 Tapgyrly Täze Teklip Hödürledi

Ysraýyl 3 Tapgyrly Täze Teklip Hödürledi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ysraýylyň, hüjümleriň bes edilmegi we ähli ýesirleriň boşadylmagy bilen arabaglanşykly 3 tapgyrly täze teklip hödürländigini aýtdy.

Ak Tamda metbugata beýannama beren Baýden, Ysraýylyň 3 tapgyrly täze teklip hödürländigini aýtdy.

Baýden ilkinji tapgyrda 6 hepdelik hüjümleriň bes edilmegi etabynda Ysraýylyň Gazadaky ilatly ýerlerden çekilmegi we taraplaryň elindäki ýesirleriň bir böleginiň boşadylmagyny teklip edendigini belledi.

Baýden “Ikinji tapgyrda erkek esgerler bilen birlikde ähli ýesirler boşadylar, Ysraýyl Gazadan çekiler. Hüjümleriň bes edilmegi etaby çaknyşyklaryň bes edilmegine öwrüler” diýdi.

Baýden, taraplaryň arasyndaky gepleşikler tapgyry 6 hepdeden köp dowam eden halatynda gepleşikleriň dowam edýändigi üçin hüjümleriň bes edilmegini üpjün eden wagtlaýyn ylalaşygyň hem dowam etjekdigini nygtady.

Ikinji tapgyrda taraplaryň arasynda ähli ugurlar boýunça ylalaşyk gazanylan halatynda üçünji tapgyra geçiljekdigini ýatladan Baýden, bu soňky tapgyrda Gazanyň gaýtadan dikeldilmegi etabynyň gün tertibine getiriljekdigini we taraplaryň elinde galan öli ýesirleriň çalşyljakdygyny ýatlatdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Baýden, teklibiň Ysraýyl hem-de Hamas tarapyndan kabul edilmegine garaşýandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk dünýäsiniň umumy elipbiýi boýunça ylalaşyk gazanyldy
“TurkmenExporters” platformasyna täze mümkinçilikler girizildi
Türkmenistanda ilkinji gezek Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Codes) onlaýn anyklamak mümkinçiligi döredi
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Anyk Teklip taplanan aýnadan döwrebap duş kabinalaryny hödürleýär
Türkmenbaşydaky Çarlak myhmanhanasy döwrebap kinoteatry guramak boýunça teklipleriň kabul edilýändigini habar berýär