Ysraýyl 181 Günden Bäri Gazany Bombalaýar

Ysraýyl 181 Günden Bäri Gazany Bombalaýar

Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 33 müň 37, ýaralananlaryň sany bolsa 75 müň 668 adama ýetdi.

Ysraýyl 181 günden bäri Gaza Sektoryny bombalamaga dowam edýär.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri, ilatly ýerleri, ybadathnalary, ynsanperwer kömek kerwenlerini we meýletinleri nyşana alýar.

Sebitde bombaly hüjümler sebäpli ýogalýanlaryň sany gün saýyn artýar.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, soňky 24 sagatda guralan hüjümlerde ýene-de 62 palestinalynyň ýogalandygy, 91 palestinalynyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Soňky hüjümlerde ýogalanlar bilen birlikde Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 7-nji oktýabrdan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 33 müň 37, ýaralananlaryň sany bolsa 75 müň 668 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl 458 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 454 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 202 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 201 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Somalide Bombanyň Ýarylmagy Sebäpli 1-i Türk 2 Adam Ýogaldy