Ysraýyl 11 Aýda Palestinaly 16 Müň 480 Çaganyň Ýogalmagyna Sebäp Boldy

Ysraýyl 11 Aýda Palestinaly 16 Müň 480 Çaganyň Ýogalmagyna Sebäp Boldy

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde palestinaly 16 müň 480 çagany öldürendigi nygtaldy.

Ysraýyl, palestinaly çagalara garşy bilkastlaýyn gyrgynçylyk edýär.

Gazadaky hökümetiň Metbugat gullugynyň müdüri Ismail As-Sewabite, Ysraýylyň harby goşunynyň 11 aýdan bäri Gaza guraýan hüjümlerinde öldürlen çagalar hakynda maglumat berdi.

Ysraýylyň bilkastlaýyn çagalary nyşana alýandygyny aýdan Sewabite, “Basyp alyjy Ysraýyl, Gazadaky palestinaly çagalara garşy bilkastlaýyn gyrgynçylyk edýär. Häzire çenli 16 müň 480 çaga şehit boldy. 11 aýda täze doglan 53-i erkek we 62-si gyz jemi 115 bäbek öldürildi” diýdi.

Gazada 2023-nji ýylyň 7-nji oktabryndan bäri 35 çaganyň açlyk sebäpli ýogalandygyna ünsi çeken Sewabiýe, 3 müň 500 çaganyň hem açlyk sebäpli ölüm howpuna sezewardygyny belledi.

Ysraýylyň harby goşunynyň soňky gezek Gaza Sektorynyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunus şäherinde öýlerini terk etmeli bolan palestinalylaryň bolýan çadyrlaryna guran hüjüminde 8 aýlyk bäbejik ýogaldy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde 40 müň 139 palestinaly ýogaldy, 92 müň 743 palestinaly hem ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ynsanperwer Kömek Konteýnerleriniň Howpsuzlygyny Üpjün Edýän Topary Nyşana Aldy
Prezident Erdogan Siriýa bilen bagly beýanat berdi
Hamas azat ediljek ýesirleriň sanawyny Müsüre berdi
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
2024-nji ýylda jemi 104 žurnalist öldürildi
UNRWA: "Her urşuň düzgüni bar, ýöne Gazada ähli düzgünler bozuldy" diýdi
Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerinde Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär