Ysmail Gaspyraly

Ysmail Gaspyraly

Hepdelik tapgýrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda “Dilde, pikirde, işde birlik” pikiriniň, türkçülik hereketiniň esaslandyryjysy kabul edilýän Ysmail Gaspyraly hakynda söhbet etmekçi.

Russiýadaky türkçülik hereketiniň esaslandyryjysy kabul edilýän Ysmail Gaspyraly türki dünýäde möhüm orun tutýar.Krym tatarlaryndan bolan Gaspyraly, 1851-nji ýylyň 21-nji martynda Krymyň Bahçesaraý şäheriniň golaýyndaky Awjyköý obasynda dünýä inýär.

Kakasy Krymyň Gaspyra obasynda dünýä inen we Patyşa Russiýasynyň goşunyndan hormatly dynç alyşan çykan ofiser bolan Mustafa Aliogly, ejesi asylly maşgalalardan biriniň gyzy bolan Fatma Soltandyr.Ysmail Gaspyraly ýerli musulman mekdebinde başlan okuwyny Akmesjid oglanlar Gimnaziýasynda dowam etdirýär.

Soň Woronežde harby mekdepde, soň bolsa Moskwadaky Harby mekdepde okaýar.Moskwa şol döwürde aşa rusçulygyň merkezidi.Tanyşan rus intellektuallaryna sarpa goýmak bilen bilelikde mekdepdäki panslawist şertler aňynda Russiýa imperiýasyndaky türki halklary herekete geçirme düşünjesi döremäge başlaýar.

Kryt pitnesinde grek asylzadalaryna garşy göreşen Osman güýçlerine goşulmak üçin ýoldaşy Mustafa Mirza Dawidowiç bilen tagalla edýärler. Şol maksada laýyklykda Kryma barýarlar.Pasportlary bolmany üçin Odessada ele düşýärler.

Bu waka Gaspyralynyň harby mekdebiň hataryndan çykarylmagyna sebäp bolýar.Moskwa dolanyp bilmeýär we 1868-nji ýylda 17 ýaşynda mahaly Bahçesaraýdaky Zinjirli medresede rus dili mugallymy bolup işe başlaýar. 1872-nji ýylda Krymdan Stambula, Wena, Mýunhene we Ştutgardyň üstaşyr Pariže gidýär.

Parižde bolan iki ýyllyk döwründe meşhur rus ýazyjysy Iwan Turgenýewiň ýanynda kömekçi we terjimeçi bolup işleýär.Soň 1874-nji ýylda Osmanly esgeri bolmak arzuwy bilen Stambula gidýär.Emma kabul edilmändigi üçin bir ýyl soň Kryma dolanýar. 1878-1884-nji ýyllaryň aralygynda Bahçesaraý häkiminiň orunbasary bolup işleýär.

Gaspyraly ähli kowumdaşlarynyň gözýetimini giňeltmek üçin neşirýat arkaly işe başlamak isleýär.Emma ruslar gazet çykarmagyna rugsat bermeýär. Şondan soň 1881-nji ýylda Akmesjitde çykýan Tawrida gazetinde “Ýaş Molla” lakamy bilen, soň kitap görnüşinde çap edilen Russiýa musulmanlygy atly makalalaryny neşir edýär.

Emma İsmail Gaspyraly türki dilde neşirýat çykarmak isleýärdi.Resmi başlangyçlary kabul edilmändigi üçin Tibiliside başga atlar bilen beýannama meňzeş bildirişler çap edýär.Ençeme kynçylyklary ýeňip geçip, 1883-nji ýylda gazetiň dolulygyna rusçasy bilen bilelikde çap edilmegi şertine laýyklykda türki dilde bir gazet çykarmaga rugsat alýar.

Birinji sany Bahçesaraýda çykan we hepdede bir neşir edilýän gazetiň ady “Terjimany Ahwaly Zaman”. Şol gazet 1912-nji ýyldan başlap gündelik çykmaga başlaýar.Gaspyraly bir tarapdan gazet çykarmaga çalyşan bolsa, beýleki tarapdan-da täze mekdepleriň üstünde işleýärdi. Şol ugurda birnäçe daşary ýurt we içerki iş saparlaryny guraýar.

Saparlaryň dowamynda ýarawsuzlanan Gaspyraly 1914-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Bahçesaraýda dünýeden ötýär.

Bütin ömürini türki kowumdaşlaryna, türkilige bagşeden Gaspyralynyň “Dilde, pikirde, işde birlik” hereketi häzirki döwürde türki dünýäde şygara öwrüldi.Onuň makalalaryndan birinde 25 ýyllyk ömründe nämeler edendigi we mundan soň nämeler etjekdigi şeýle beýan edilýär: “25 ýyldan bäri aýdanym, ýazanym, edenim şudyr. Çäre tapmak, ýol açmak, başga zat däl.

Sebäbi asylly, ömürli, sabyrly we batyrgaý bolan türki milletiň Hytaý diwarlaryndan Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän sebite ýaýrandygyna garamazdan täsirsiz, sessiz galmagy dilsizliginden, ýagny umumy dile eýe bolmanlygyndan gelip çykýar. Şu düşünje bilen ýaşadym, şu düşünje bilen gubyra giderin.”

Gaspyralynyň ömür boýy ugrunda göreşen “Terjiman” gazeti hem Russiýada hem-de daşary ýurtlarda Polşadan Bombeýe, Ufadan Müsüre çenli baryp ýetdi. İslamil Gaspyraly özüni diňe bir Krym tatary däl, beýik türki dünýäniň wekili hökmünde görýärdi.

Tatar pikirzadasy Jelal Walidowyň “Tatarlaryň bilim taryhy we edebiýaty hakynda synag” atly kitabynda Gaspyralynyň gazet çykarma pikiri kellesine gelende, tanymal tatar alymy we pedagog Sigabuddin Marjaniden maslahat almak üçin ýüz tutandygyny ýazmagy tötänlik däldir.

Ol, gazetiň ýaýlym mazmunyny tassyklan we ony ugrukdyran esasy adamdy. “Terjiman” gazetiniň ähmiýeti işlenen temalaryň giňligi, öz içine alýan sebiti we aktullagy bilen düşnüklidir.Mysal üçin 1851-nji ýylda 2-nji neşrinde “Saratow tatarlary” we “Sibir musulmanlary”, 1902-nji ýylyň 18-nji sanynda “Kasimow tatarlary we Ýewropa medeniýeti”, 1906-njy ýylda 79-83-nji sanlarynda “Duşuşyk”, “Aşakky Nowgoroddaky musulmanlaryň sany”, şol ýylyň 79-83-nji sanlarynda “Hytaýly musulmanlar” atly makalalar çap edilýär.

Gaspyralynyň “Dilde, pikirde, işde” birlik düşünjesi elbetde öz netjesini berdi. Biziň döwrümizde türki dünýäniň liderleriniň goldaw bermeginde Türki Akademiýa, TÜRKSOÝ, TÜRKPA ýaly iri halkara guramalar Gaspyralynyň pikirlerinden gözbaş alýar. Onuň eden mukaddes we uly işleri, pikirleri we bu ugurdaky gowgasy diňe türki dünýäniň nesilleriň olary geljege ýetirmegi bilen dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär
Russiýada 3 Gün Dowam Etjek Saýlaw Tapgyry Başlady
Gypjak dili döwründe ýazylan eserler
Prezident R.T.Erdogan Ukraina-Günorta-gündogar Ýewropa Sammitine Ýüzlenme Ugratdy
Durnukly we Iş Ýüzüne Geçirilme Aýratynlygy Bolan Parahatçylyk Üçin Tagalla Edildi
Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)