Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy, Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Baş müdiri bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň ýadro maksatnamasyny durmuşa geçirmegi ýüregine düwendigini aýtdy.
IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy "Muhammet Yslami" şu gün (sişenbe) Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri Rafael Grossi bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda şeýle diýdi: Şu günki ýygnakda IAEA-nyň Baş müdiriniň birnäçe gezek nygtan meselesi, Eýranyň ýadro programmasynda hiç hili gyşarnyksyzlygyň bolmandygy we Eýranyň ýadro işlerini şertnamalara we düzgünlere laýyklykda alyp barýandygydyr.
Yslami sözüniň dowamynda ýadro tehnologiýasynyň ähli taraplaryny dürli pudaklarda ulanyp bilmek gün tertibinde durýar we IAEA bu meselede Eýrana kömek eder diýdi.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygynyň çakylygyna we myhmançylygyna ýokary baha berdi we şeýle diýdi: Gepleşiklerimiz diýseň çekeleşikli boldy şoňa görä umumy pikire ýetmek üçin Işimizi dowam etdirmegiň we gatnaşyklary dowam etdirmegiň yzyndadyrys diýdi.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri düýn (duşenbe) Eýranyň resmileri bilen duşuşmak we olar bilen maslahatlaşmak üçin Tährana geldi.