Yslamabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

27-nji noýabrda Pakistan Yslam Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy Pakistan Yslam Respublikasynyň Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa instituty bilen bilelikde Gündogaryň nusgawy şahyry we beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirdi.

Maslahatda çykyş eden Pakistanyň Milli miras we medeniýet boýunça federal ministri Saýed Jamal Şah Magtymguly Pyragynyň baý mirasyna ýokary baha berdi hem-de ynsnaperwer ugurda ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň maksadalaýykdygyny belledi.

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçisi A.Möwlamow öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girizilen türkmen şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň öwrenilmeginiň halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde we giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny we şeýlelik bilen häzirki ylmy-amaly maslahatyň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemäge mynasyp goşantdyr.

Maslahata gatnaşyjylar bu çäräniň ähmiýetini bellediler we medeni-ynsanperwer ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmek baradaky umumy islegini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Pakistan Türkmenistan bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Geçen möwsümiň tersine
Somalide Guralan Bombaly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'
Ýyldyz oýunçy 5 ýyldan soň ýygynda çagyryldy Germaniýanyň düzümi mälim boldy
Dünýäniň iň gowy ýaş futbolçysy Golden Boy baýragynyň eýesi boldy