Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) 18-nji noýabry yslam sungatynyň halkara güni hökmünde yglan etdi. ÝUNESKO-nyň habar bermegine görä, guramanyň 40-njy umumy mejlisinde bu barada degişli karar kabul edildi. Şoňa laýyklykda, her ýylyň 18-nji noýabrynda yslam sungatynyň halkara güni belleniler.
Bu şanly sene yslamyň medeniýet ugry hem-de yslam sungatynyň medeniýete goşandynyň wasp edilmegine goşant goşar.
ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azoulaý yslam sungatynyň täzelenýändigini hem-de dünýäniň ähli medeniýetlerine täsir etmegini dowam etdirýändigini aýtdy. Baş direktor yslam sungaty halkara gününiň yslam sungatynyň taryhyny has gowy öwrenmäge giň mümkinçilik döretjekdigini belledi.
Daýanç SEÝIDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
The post Yslam sungatynyň halkara güni appeared first on Zaman Türkmenistan.