Türkmenistanda V Yslam raýdaşlygy oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň erkekler we zenanlar agyr atletika toparynyň düzümi belli boldy.Bu barada bäsleşigiň resmi web sahypasynda habar berilýär.Agyr atletika ýaryşlary 11 — 15-nji awgust aralygynda Konýada geçiriler.
Türgenler 10 agram derejesinde medallar üçin bäsleşerler. Ýaryşda 14 türgen — sekiz erkek we alty zenan Türkmenistanyň milli ýygyndysyna wekilçilik eder.Türkmenistanyň agyr atletika boýunça zenanlar ýygyndysynyň düzüminde Sangiza Bagtyýarowa, Bägül Berdiýewa, Ýulduz Jumabaýewa, Gülnabat Kadyrowa, Kristina Şermetowa we Aýsoltan Toýçiýewa bar.
Erkekler toparynda Rüstem Annaberdiýew, Muhammet Döwranow, Dawranbek Hasanbaýew, Ihtiýor Mätkerimow, Maksat Meredow, Şatlyk Şöhradow, Hojamuhammet Toýçyýew we Haýdarberdi Ýagmyrow çykyş eder. 18-nji awgusta çenli dowam etjek V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda 56 ýurtdan 4000-den gowrak türgen 24 sport görnüşinde 483 medallar toplumy ugrunda bäsleşer.
Bäsleşikler Konýa şäherindäki 14 sany sport desgasynda geçiriler.Bir gün ozal Türkmenistanyň wekiliýeti Konýada V Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň açylyşynda dabaraly ýörişe gatnaşypdy.
Oýunlaryň agyr atletika ýaryşlarynyň senenamasy bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.