Sanly ulgam arkaly geçiriljek maslahata Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan hem gatnaşar.
Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Şwesiýada we Daniýada Gurhana garşy dowamly häsýetde edilýän hüjümleriň ele alynjak maslahatyň şu gün geçiriljekdigi mälim edildi.
Maslahatda Ýewropada artan Yslamafobiýa garşy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan edilip bilinjek ädimleriň gözden geçiriljekdigi aýan edildi.
Gurhana edilýän hüjümlere garşy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan umumy çemeleşmäniň kabul edilmegi maslahatda ele alynar.
Beýleki tarapdan bolsa Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan maslahatdan ozal Şwesiýanyň Daşary işler ministri Tobias Billstrem bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Telefon söhbetdeşliginde Gurhana garşy Şwesiýada edilýän hüjümleriň ele alynandygy habar berildi.
Iki ministr telefon söhbetdeşliginde şeýle hem Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyryny ara alyp maslahatlaşdylar.