“Yslam döwletiniň” agzalaryny Ýewropa we Amerika gaçyrýanlykda şübhelenip tutulanlaryň arasynda iki Türkmenistanly bar

“Yslam döwletiniň” agzalaryny Ýewropa we Amerika gaçyrýanlykda şübhelenip tutulanlaryň arasynda iki Türkmenistanly bar

Beýik Britaniýanyň “The Guardian” gazýeti halkara gaçakçylyk mafiýasyny “Yslam Döwleti” toparynyň agzalaryny Stambul arkaly Ýewropa we Amerika gaçyrýanlykda aýyplamagy polisiýany herekete geçirdi diýip Türkiýäniň “Sözçü” gazýeti ýazýar.

Migrantlaryň bikanun getirilmegine garşy göreş we serhet gapysynyň bölüm müdirýeti bu ayplamalaryň üstünde işläp başlady. Polisiýa topary ilki bilen “Telegram” arkaly ýaýynlanan iki topara goşuldy.

Bu işleri eden şübheliniň Özbek däl-de, Türkmenistanly bolandygy anyklandy. Polisiýa topary “Telegramda” geçirilen söhbetdeşiklerden soňra Stambulda daşary ýurtlylar üçin wiza hyzmatyny edýän iki şirketiň salgysyny kesgitledi. Amala aşyrylan işleriň dowamynda dört şübheli bellendi.

Polisiýa topary “Şirinevler” we “Esenýurt” etraplaryndaky salgylara gurnan reýdinde Türkmenistanly Bek Muhammet Maradowy, Didar.Ş-ni, Müsürli Muhammet Hamis Mahmut N-ni we onuň aýalyny tutdy.

Emma, Fatma Çolak N.göwreli bolandygy üçin polisiýa äkidilmedi diýip “Sözçü” ýazýar.

Tussag edilen şübhelileriň salgysyndan 8 sany Türk pasporty, 11 sany Türkmenistan pasporty, 36 sany dürli ýurdyň raýatlaryna berlen ýaşamak üçin rugsatnama we galp pasportlary ýasamak üçin alnan wizalaryň reňkli nusgalary tapyldy.

Polisiýanyň ele salan 8 Türk pasportynyň ýitendigi barada polisiýa arza berilendigi anyklandy.

Daşary ýurtlylara degişli pasportlar bilen Türkiýä girilip- çykylandygynyň hasaba alynmandygy, olaryň hem ogurlanan bolmagynyň ähtimaldygy öňe sürüldi. Polisiýadaky işlerinden soňra tutulanlaryň kazyýete iberilendigi, sorag etmeleriň dowam edýändigi we ýene-de tussag etmeleriň bolmagynyň mümkindigi habar berildi diýip “Sözçü” gazýeti ýazýar.

The post “Yslam döwletiniň” agzalaryny Ýewropa we Amerika gaçyrýanlykda şübhelenip tutulanlaryň arasynda iki Türkmenistanly bar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Migrantlaryň halkara güni
Aşgabatda içerki migrantlar ýene tussag edilýär, jerime salynýar we paýtagtdan kowulýar
"Migrant Media" - migrantlara niýetlenen proýekt
Türkiýäniň suw giňişligine itilen migrantlar halas edildi
Türkmenistanyň kanun goraýjy işgärlerine hüşgär bolmak tabşyryldy 
Türk lirasynyň hümmetiniň taryhy peselmegi netijesinde Türkiýedäki türkmen migrantlary başga ýurtlara işlemäge gitmek mümkinçiligini gözleýärler