Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Türkmenistanyň ýörite sazçylyk we çagalar sungat mekdepleriniň gatnaşmagynda Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwal konserti geçirildi.
Konserde birnäçe meşhur türkmen we nusgawy kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy.Konserdi ilki bilen ýurdumyzda ilkinji gezek ýaňlanýan saz eserleri bilen başlandy. Ýagny, mugallym Leýli Nasyrowanyň ýolbaşçylygyndaky 3-nji çagalar sazçylyk sungat mekdebiniň Benewşe atly ýaş gitaraçylar topary ilki bilen çykyş edip başladylar.
Olar başda Metweý Blanteriň Mihail Isakowskiniň sözlerine döredilen meşhur Katýuşa aýdymyny kwartet we gitara topary bilen bilelikde ýerine ýetirdiler.Soňra mugallym Leýli Nasyrowa özüniň döreden Ýagyş damjalary, Tango-fantaziýa ýaly saz eserlerini, başgada I.Dassneriň Taka-taka-ta, Hotel Kaliforniýa Rejep Rejepowyň gitara üçin täzeden işlenen Humaý gözli aýdymyny Elman Nasyrowyň ýolbaşçylygyndaky skripkaçylar topary bilen bilelikde ýerine ýetirip tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Konserdiň dowamynda beýleki sazçylyk mekdepleri hem çykyş etdi. Ýagny, konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň mugallymy Setdar Ymamberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky gitaraçylar topary Jekikukyň Ýangyn hem-de Çary Nurymowyň Meniň dostum Meleguş filmi üçin ýazylan Altynyň aýdymy Meleguş sazynyň gitara üçin täzeden işlenen görnüşini uly dabara we şowhun bilen ýerine ýetirdiler.
Soňra çagalar özüniň ýekelikde ýerine ýetirmeginde birnäçe meşhur türkmen we nusgawy kompozitorlarynyň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Ilki bilen konserwatoriýanyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 9-njy synp okuwçysy Öwezgeldi Annaýew Yslam Babaýewiň Bahar heňi, Döwletgeldi Çaryýew gitara üçin işlenen Çoh derde goýan ýarym atly türkmen halk sazyny, 10-njy synp okuwçy Isa Geldimyradow bolsa, meşhur ispan kompozitory İsaak Albenisiň Legenda Asturias atly belli sazyny ýerine ýetirdi.
Soňra bolsa, yzygiderlilikde 1-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň uçurymy Durdynyýaz Gylyjow Myrat Gurbanowyň täzeden işlemeginde Mateo Karkassi Allegretto we Kansona atly eserlerini ýerine ýetirdi.
Ilkinji türkmen zenan gitaraçysy, 3-nji çagalar sazçylyk sungat mekdebiniň mugallymy Leýli Nasyrowanyň ýolbaşçylygynda bolsa, Gowşut Atajanow, Arslan Garlyýew, Selim Jepbarow, Kamil Annataganow ýaly zehinli okuwçylary tarapyndan ýerine ýetirmeklerinde iňlis halk aýdymy Ýaşyl reňkler (Green colors), F.Hýuntesiň Nemes tansy, nusgawy gitarany dörediji hökmünde tanalýan meşhur ispan kompozitory Fransisko Tarreganyň Göz ýaş.
Adelita, R.Dýensiň Asman tangosy, Aleksandr Iwanow Kramskoýyň Prelýudiýa, E.Satadjiniň Riorita hem-de H.Magtymgulyýewiň Tarrantela ýaly ajaýyp saz eserleri ýaňlandy.Ondan soňra bolsa, 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Nedir Gylyçdurdyýewiň gitaraçy okuwçylary Isa Ezizow, Mergen Ylýasow, Jemile Arnagylyjowa we Selbi Annaglyjowanyň ýerine ýetirmeginde A.Iwanow-Kramskoý Tans, Ýewgeniý Şilin First tango, Ý.Kuffneriň Polka O.Semenzatonyň Şoro hem-de türkmen halk sazy Maşalak ýar ýaly eserler tomaşaçylarda ajaýyp täsir galdyrdy.
5-nji çagalar sazçylyk sungat mekdebiniň mugallymy Çary Goturowyň ýolbaşçylyk etmeginde Joşgun gitaraçylar toparynyň zehinli okuwçylary Emin Nazarow, Ylham Baýmuhammedow we Guwanç Ýowşanow dagylar Mateo Karkassiniň Polka, türkmen halk sazy Nar agajy, Andreý Babaýew Jan elek ýaly sazlar ýaňlandy.
Bu konserte diňe Aşgabat şäheri dälde, Mary welaýatynyň hem Mollanepes adyndaky sazçylyk sungat mekdebinde bilim alýan okuwçylar hem bu ýere myhmançylyga gelipdirler.Olar bolsa Jemile Myradowanyň ýolbaşçylygynda meşhur gitaraçy Dörtguly Dotdyýewiň perzendi Meýlisiň ýerine ýetirmeginde Düwmelerim hem-de Nowaýy ýaly türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirdiler.
Soňra bolsa duet hökmünde ol, häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ Estrada sungaty kafedrasynyň gitara bölüminde tälim alýan dogany Toýly Dörtgulyýew bilen meşhur ispan we sygan sazandalaryndan düzülen Gypsy Kings atly saz toparynyň Passion we Faraonlar ajaýyp saz eserlerini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň dabara el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Konserdiň jemleýji pursatlarynda bolsa, konserwatoriýanyň mugallymy Ylýas Muhanowyň ýolbaşçylygynda talyplardan düzülen gitaraçylar Myrat Gurbanowyň täzeden işlemeginde meşhur türkmen kompozitory Rejep Rejepowyň 80 ýyllygyna bagyşlap Geologlaryň aýdymy-ny saz görnüşinde ýerine ýetirmek bilen jemlediler.
Dabaraly konserde gelen myhmanlar konserdi esasy gurnaýjy mugallym Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Myrat Gurbanowa, beýleki ýerine ýetirijileri gyzgalaňly gutlap, olara üstünlik arzuw etdi hem-de konsertde ýerine ýetirijiler bilen bilelikde sowgatdyr, gül desse çemenlerini gowşuryp, ýadygärlik surata düşdüler.