“Yrakdan Çekilmek Niýetimiz Ýok”

“Yrakdan Çekilmek Niýetimiz Ýok”

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, Yrakadaky esgerlerini yzyna çekmek ýaly meýilnamalarynyň ýokdygyny mälim etdi.

Pentagynyň metbugat sekretary Patrik Raýder gündelik metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

“Çekilmek meselesinden habarym ýok” diýen Raýder, terror guramasy DEAŞ-a garşy alyp barýan göreşlerini dowam etdirýändiklerini nygtady.

Raýder, Yragyň hökümetinden gelen çakylygyna laýyklykda sebitde iş alyp barýandyklaryna ünsi çekdi.

Eýrana ýakyn Haşdi Şaba tabynlykdaky şaýy söweşiji Nujebe hereketiniň liderlerinden Abu Takwa Saidiniň 4-nji ýanwar Bagdatda ABŞ-nyň guran howa hüjüminde öldürlendigi habar berlipdi.

Yragyň hökümeti hüjümlerden terror guramasy DEAŞ-a garşy döredilen ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleriniň jogapkärdigini mälim edipdi.

Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şiýa as Sudani 5-nji ýanwarda beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Bagdatda Haşdi Şaba garşy guran hüjümini ýazgaryp, “Hökümet hökmünde hyzmatdaş güýçleriniň işleriniň bes edilmegi üçin degişli gepleşikleri geçirilýäris” diýipdi

Ýene degişli makalalar

ABŞ Nigerden Dolulygyna Çekildi
“Ukraina NATO Agzalyga Kabul Edilse Wezipämden Çekilerin”
Russiýanyň Galla Ylalaşygyndan Çekilmegine Reaksiýalar Dowam Edýär
Russiýanyň Galla Ylalaşygyndan Çekilmegi Aziýa we Afrika Ýurtlaryna Uly Zeper Ýetirdi
Mergen Orazow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Merkezi Aziýanyň çempionatyna taýýarlygy, Ruslan Mingazowyň näme üçin milli ýygynda çagyrylmandygy we beýleki ýagdaýlar barada gürrüň berdi
Pakistanda güýçli doly guşlary gyrdy, hasyly ýok etdi