Yrakda, Şwesiýanyň Ilçihanasy Oda Berildi

Yrakda, Şwesiýanyň Ilçihanasy Oda Berildi

Yragyň paýtagty Bagdatda şaýy dini we syýasy lider Mukteda as Sadryň ýolbaşçylygyndaky Sadr hereketine tabynlykdaky toparlar, Şwesiýanyň ilçihanasynyň ýerleşýän binasyna girip käbir bölümleri oda berdi.

Sadr Hereketiniň tarapdarlary, ilçihananyň golaýynda Şwesiýada Gurhana garşy guralan hüjüme garşy protest ýörişini geçirdi.

Protestçylar, ilçihananyň golaýyndaky barrikadalary ýykyp, Şwesiýanyň hökümetine garşy şygarlar aýdyp, ilçihananyň howlusyna girdi.

Protestçylar, Şwesiýanyň ilçihanasynyň käbir bölümlerini ýakdy.

Yragyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Şwesiýanyň Bagatdaky ilçihanasynyň käbir bölümleriniň ýakylmagy berk ýazgaryldy.

Sadr Hereketiniň tarapdarlary, ozal hem Şwesiýanyň ilçihanasyna hüjüm gurapdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Stambuldaky Başkonsullugynyň Öňünde Protest Ýörişi Geçirildi
Ysraýyla garşy geçirilýän protestler dowam edýär
Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny
Ýylyň jemleri 2024: Syýasy üzňelik, dymyşlyk we doňaklyk ýadawlygy özgeriş teşneligi bilen ýugruldy
Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykdy
Ýaponiýa Demirgazyk Koreýany Protest Etdi