Yrakda PKK bilen arabaglanşykly partiýalar gadagan edildi

Yrakda PKK bilen arabaglanşykly partiýalar gadagan edildi

Yragyň Ýokary kazyýet geňeşiniň kabul eden karary ýerli metbugatda çap edildi.

Şoňa laýyklykda Yragyň Milli Howpsuzlyk geňeşiniň talabyna we şikaýatyna laýyklykda, ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşygy sebäpli "Ýezidiler demokrat we azatlyk partiýasy", "Demokrat göreş front partiýasy" we "Tewgera Azadi" atly partiýalaryň işleriniň gadagan edilmegi we emläkleriniň ellerinden alynmagy barada karara gelindi.

Kararda ady agzalan partiýalaryň ekstremist terror guramasy PKK bilen arabaglanşygynyň bardygy baradaky maglumatlaryň, Yragyň Razwedka gullugy bilen Premýer ministrlik ofisi tarapyndan hem tassyklanandygy aýan edildi.

Yragyň hökümedi 23-nji iýulda döwlet edaralaryndaky resmi habarlaşmalarda ekstremist terror guramasy PKK-nyň gadagan guramadygy barada häsýetlendirilmegi barada görkezme beripdi.

Ýene degişli makalalar

Abdulhamit Süleýman Çolpan
Transfer habarlary
FIFA 2018 Dünýä çempionatyna tarap AFRIKANYŇ ILKINJI WEKILI
Ekskawatoryň taryhyndan