Yrakda 10 Ýyl Soň Ýerli Saýlawlar Geçirilýär

Yrakda 10 Ýyl Soň Ýerli Saýlawlar Geçirilýär

Yrakda 10 ýyl soň geçirilýän ýerli saýlawlarda halk ses bermäge başlady.

Yrakda 2 gün öň hem howpsuzlyk güýçleri ses beripdi.

Yrakdaky Federal dolanşyk ulgamyna sebäpli bu saýlawlar, Yragyň Kürt Awtonomiýasyna tabynlykdaky şäherleri öz içine almaýar.

Saýlawa bellige alynan 16 million saýlawçy gatnaşýar.

Saýlawlarda dürli syýasy partiýalardan we ýaranlyklardan 5 müň 904 dalaşgär 275 kürsü üçin bäsleşýär.

275 kürsüniň 70-i zenanlar üçin aýryldy.

Yrakda şaýylaryň iň uly wekili şaýy dini we syýasy lider Mukteda as Sadr saýlawlara gatnaşmajakdygyny mälim etdi.

Yragyň kanunlaryna görä, ýerli saýlawlar 4 ýyldan bir gezek geçirilmeli.

Emma 2013-nji ýyldan soň terror guramasy DAEŞ-iň hüjümleri, howpsuzlyk we syýasy durnuksyzlyk sebäpli saýlawlaryň geçirilmegine rugsat berilmändi.

Ýene degişli makalalar

Ýaşar Güler, Mansur Barzanini Kabul Etdi
Prezident Erdogan, Mesrur Barzanini Kabul Etdi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder
Terrora garşy göreş PKK-KDP çaknyşygy
Türkiyäniň Daşary işler ministri Yrak saparyny dowam etdirýär
Eýran özüniň demirgazyk-günbatar serhedine harby güýç ornaşdyrýar
Dünýä ýurtlary Gazada hassahana guralan hüjümi ýazgardylar